Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmenistanly türgenler sylaglandy

11:2931.08.2022
0
15307

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Çäräniň başynda döwlet Baştutanynyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy okaldy. Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Sabina Kasymjanowa, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň agyr atletika mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Kristina Şermetowa, «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Umyt Kakalyýew, Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow bar. Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary gowşuryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda jemi 16 medala (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) mynasyp boldy. Türkmen türgenleri, esasan, sportuň ýeňil atletika, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo, kuraş, stol tennisi ýaly görnüşlerinde ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.

Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlary hem türkmen sportunyň taryhyny täze ýeňişler bilen bezedi. Milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri bu iri sport baýramçylygynda jemi 23 medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň medallar gaznasynyň üstüni 4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç bilen ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň