Soňky habarlar

Arhiw

«Oskaryň» dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi

15:2231.08.2022
0
11184
«Oskaryň» dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi
Surat: ria.ru

Meşhur aktýor Kris Rok Amerikanyň kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi, ol muny geçen gezekki dabarada aktýor Uill Smit bilen bagly bolup geçen gelşiksiz ýagdaý bilen düşündirdi diýip, «Arizona Republic» gazeti ýazýar.

Baýragyň geçen ýyldaky 94-njy gowşurylyşynda Uill Smit aýalynyň üstünden ýerliksiz degşendigi üçin sahna çykyp, alypbaryjynyň ýüzüne şarpyk çalypdy.

Smit soňra aktýordan ötünç sorady we aýalynyň üstünden gülünmegini bagyşlap bilmejekdigini aýtdy.

8-nji aprelde Amerikanyň kinoakademiýasy Smiti 10 ýyllap kino çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirmek barada çözgüt kabul etdi. Aktýor muňa düşünmek bilen garaýandygy we kinoakademiýa hormat goýýandygy barada beýanat bilen jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň