Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

02:5730.08.2022
0
21226

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy. Welaýatlaryň häkimleri ýurduň sebitlerinde işleriň ýagdaýy, 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine başlamaga taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ýerleri ekişe taýýarlamak, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin alnyp barylýan işler, zerur tohumlaryň, tehnikalaryň we gurallaryň, mineral dökünleriň ekişe taýýarlanylyşy barada hasabatlary berdiler. Şeýle-de hasabatlarda pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlanylyşy, güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutanyna sentýabr aýynda welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de öňde boljak çäreler, baýramçylyk dabaralary, olar mynasybetli açyljak desgalar bilen baglylykda, häkimlere anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän toplumynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymy möwsümini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň