Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary Halkara matematika internet-olimpiadasyna gatnaşdylar

19:4029.08.2022
0
17629

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynyň zehinli okuwçylary boýunça Aziýanyň Halkara matematika internet-olimpiadasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, bu matematika olimpiýadasyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, has takygy, Hytaýdan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Gazagystandan we Kambojadan 3000-den gowurak okuwçy gatnaşdy.

Aziýanyň Halkara matematika internet olimpiadasynyň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis dili derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow, Kümüş Nobatowa kümüş, Begli Işanmyradow, Rahym Agamyradow, Şükür Gurbangeldiýew bürünç medallary gazandylar.

Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebinden Babajan Çaryýew, Maksat Babageldiýew, Ýunus Annanepesow kümüş, Merdan Akyjanow, Hamza Allaberdiýew, Begenç Akmyradow, Begli Işanmyradow bürünç medala mynasyp boldular.

Aşgabat şäherindäki 72-nji orta mekdepden Ogulbagt Annanyýazowa, 83-nji orta mekdepden Jemşit Serdarow, 49-nji orta mekdepden Begenç Akmyradow bürünç medallara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň