26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, sentýabr aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belledi. 1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär.
Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow wise-premýerlere ýüzlenip, şeýle diýdi: «Şol gün siziň ähliňiz meýilnama laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdeplerine baryp, ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlarsyňyz».
Şeýle hem, Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçiriljekdigini ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.