Soňky habarlar

Arhiw

1-nji sentýabrda TMÝG-niň VII gurultaýy geçiriler

22:0912.08.2022
0
5458
1-nji sentýabrda TMÝG-niň VII gurultaýy geçiriler
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde 2022-nji ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip bu ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şeýle-de 1-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýedinji gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýynyň ýurduň durmuşynda taryhy ähmiýetli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere baý boljakdygyny belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görmelidigini nygtady. Maslahatda ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serediljekdigini aýdyp, ony ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň