Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

21:4712.08.2022
0
6126
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Awazada zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän toplumlarynda geçen ýedi aýda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, toplumlara degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak, öňde durýan möhüm wezipeler bilen baglylykda, wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Hazar deňziniň güni bilen gutlady. Şeýle-de milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde boljak çärelere, şol sanda 15-16-njy awgustda Awazada geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de howa menzilinde we maslahatyň geçýän ýerinde foruma bagyşlanan sergileri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň