Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Hyrat şäheri transplantologiýa ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürer

18:0925.08.2022
0
26846
Türkmenistan bilen Hyrat şäheri transplantologiýa ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürer

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki «Loqman Hakim Complex Hospital» köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de saglyk ulgamynda türkmen lukmanlary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak isleýändiklerini aýtdylar. Olar lukmanlaryň birek-birege saparlaryny guramak bilen ýakyndan tejribe alyşmak usulynyň has-da netijeli boljakdygyny nygtadylar. Owgan tarapy agzalan ugurlarda özara tejribe alyşmak üçin türkmen lukmanlaryny Owganystanyň Hyrat welayatyna iş sapary bilen gelmäge çagyrdylar.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde, saglyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bildiren gyzyklanmalary, beren gyzykly gürrüňleri üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň