Soňky habarlar

Arhiw

Türki döwletleriň guramasy Karabah forumyny geçirer

17:3324.08.2022
0
29805

Azerbaýjanyň medeni paýtagty bolan Şuşa şäherinde Karabah işewürlik forumy geçiriler. Çäräni sentýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu foruma Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agzalarynyň we synçy ýurtlarynyň işewürleri gatnaşarlar ― diýip, interfax.az ýazýar.

TDG-niň söwda-senagat edarasy Şuşadaky forumyň 16-njy sentýabrda geçiriljekdigini ýazýar.

Häzirki wagtda Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Gazagystan bu guramanyň agzalarydyr. Türkmenistan bilen Wengriýa bolsa synçy döwlet hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň