Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna girişiler

23:0023.08.2022
0
35753

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Onuň dowamynda paýtagtyň Arçabil şaýolunyň we N.Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine bagyşlanan şekil-taslamalar bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde wise-premýer Ç.Purçekow paýtagtyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp, hödürlenen taslamalaryň, desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda döwlet Baştutanyna paýtagtyň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy göz öňünde tutulýan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary hem görkezildi. Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 18-si, 2 gatly söwda merkezleriniň 2-si, 720 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, awtoduralgalar, sport meýdançalary bina ediler. Şeýle hem Gurtly ýaşaýyş toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen günbatarlygyna tarap uzalar. Şol bir wagtyň özünde agaç gurnawlaryndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ornunda täze häzirki zaman ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowa Aşgabadyň Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň şekil taslamalary, paýtagtyň çäginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş ulgamlarynyň taslamalary-da görkezildi.

Döwlet Baştutany görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we paýtagtyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekdi hem-de bu taslamalar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň