«Dota 2» boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

17:3222.08.2022
0
23983

Aşgabatda «Dota 2» boýunça geçirilen milli saýlama ýaryş tamamlandy. Bu ýaryş şu ýyl 14-nji gezek geçiriljek Elektron sporty boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan gatnaşjak iň gowy topary saýlamak maksady bilen geçirildi.

«Galkynysh Esport» we «At Cybersport Team» toparlary deslapky tapgyrlaryň ählisinden üstünlikli geçip, çempiony yglan etjek aýgytlaýjy duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýurduň iň gowy elektron sporty toparlarynyň arasyndaky duşuşyk «Galkynysh Esport»-uň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu topar bäsdeşini 3:0 hasabynda ýeňdi.

Saýlama ýaryşa jemi 21 topar gatnaşdy. Onuň final duşuşygy we sylaglanyş dabarasy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde geçirildi.

Ýaryş Türkmenistanyň Elektron sporty federasiýasynyň wideohostingleriň birnäçesindäki kanallary arkaly göni ýaýlymda janköýerler bilen paýlaşyldy.

Şeýlelikde, «Galkynysh Esport» topary şu ýyl Indoneziýanyň Bali şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň