Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gymmatly kagyzlar bazary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin kurslar guralýar

18:0019.08.2022
0
23347

Aşgabat gazna biržasy hünärmenleri taýýarlamak üçin "Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen amallar" atly gysgamöhletli kurslary guraýar. Bu barada Orient habar berdi.

Okuwlar 2022-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan 19-njy oktýabryna çenli dowam eder. Olar häzirki we geljekki dellallaryň we emitentleriň, şeýle hem mümkin bolan maýadarlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Okuw üçin toparlar sekiz adamdan ybarat bolar. Okuw gutarandan soň, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarnamasy esasynda resmi şahadatnamalar berler.

Kurslara ýazylmak isleýänler 46-86-27; 46-88-05 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Häzirki wagtda AGB Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleri görýär. Biržada 2022-nji ýylyň başyndan bäri satylan paýnamalaryň gymmatlyk möçberi häzirki wagtda 42 million manatdan geçdi.

Geljek üç ýylda AGB-nda elektron söwda ulgamyny ornaşdyrmak we korporatiw obligasiýalary, REPO, maýa goýum gaznalaryny, deriwatiwleri we ş.m. ýaly täze maliýe önümlerini satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň