Soňky habarlar

Arhiw

Katarda geçiriljek Dünýä çempionatyna 2,45 million petek satyldy

09:4519.08.2022
0
11388

FIFA-nyň resmi beýanyna görä Katarda geçiriljek Dünýä çempionaty üçin satylan petekleriň umumy sany 2,45 milliona ýetdi.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Ýaryş başlamazdan 100 gün öň jemi 2,45 million bilet satyldy. Häzirki wagtda ABŞ, Angliýa, Saud Arabystany, Meksika, BAE, Fransiýa, Argentina, Braziliýa we Germaniýa ýaly ýurtlarda ýaşaýan futbol janköýerleri petekleri satyn almak babatda öňdeligi eýeleýärler.

Diňe 5-nji iýuldan 16-njy awgust aralygyndaky ilkinji satuw döwründe janköýerler FIFA.com/ticket saýty arkaly jemi 520,532 petek satyn alypdyrlar. Toparçalaýyn tapgyrdan oruna alan Kamerun — Braziliýa, Braziliýa — Serbiýa, Portugaliýa — Urugwaý, Kosta Rika — Germaniýa, Awstraliýa — Daniýa ýaly oýunlar üçin futbol muşdaklary tarapyndan has köp petek satyn alnypdyr. Katarda, Saud Arabystanynda, ABŞ-da, Meksikada, BAE-de, Angliýada, Argentinada, Braziliýada, Uelsde we Awstraliýada ýaşaýan janköýerler sanly ulgam arkaly nobata durmakda we satyn alnan petekleriň sany boýunça öňdeligi eýeleýärler.

FIFA bir ýa-da birnäçe oýun üçin petegi bolan janköýerlere, ýaşaýyş ýerini bron edeninden soň syýahatyny mümkin boldugyça gysga wagtda meýilleşdirip başlamagy maslahat berýär. Eger-de janköýerler Kataryň daşynda ýaşaýan bolsalar, qatar2022.qa saýty arkaly Hayya rugsatnamasy (ýaryş goldaýan kartoçkasy) üçin ýüz tutmaly. Şeýle-de ýüz tutmany Hayya goşundysy (iOS we Android ulgamlarynda elýeterli) arkaly hem amala aşyrmak mümkin. Hayya rugsatnamasy petek bilen birlikde tomaşaçylara stadionlara girmäge, jemgyýetçilik ulaglarynda mugt syýahat etmäge, daşary ýurtly janköýerler üçin Katara girmäge we başga-da birnäçe mümkinçilikleri berýär.

Satuwyň indiki tapgyrynyň senesi sentýabryň ahyrynda yglan ediler. Entek petek satyn almadyk ýa-da meýilnamasyna has köp oýun goşmak isleýän janköýerlere FIFA.com/ticket saýtyna göz aýlap durmak maslahat berilýär.
FIFA.com/ticket futbol jemgyýetçiligi üçin ýeke-täk resmi petek satuw ulgamy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, FIFA janköýerlere resmi taýdan ykrar edilmedik web sahypalaryndan petek satyn almakdan saklanmagy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň