Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat ýollady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatda, hususan-da, şeýle sözler bar:
— Siziň Alyhezretiňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigiňiz hem-de medet beriji sözleriňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezretiňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň erk-islegine eýerip, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigime Siziň Alyhezretiňizi ynandyrasym gelýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, iýul aýynda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi.
— Ajaýyp adam, beýik syýasatçy we döwrümiziň görnükli döwlet işgäri bolan Sindzo Abeniň nurana keşbi biziň hem ýüreklerimizde ebedilik galar. Sindzo Abeniň — adaty bolmadyk, täsin we beýik şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasynda belledi.
Şeýle-de okaň: