Türkmenistan Özbegistana import edýän ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi

17:2918.08.2022
0
11958

Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti 2022-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Respublika import edýän iň gowy 10 ýurduň sanawyny çap etdi. Bu barada komitetiň Telegram sahypasynda habar berilýär.

Hytaý importda öňdebaryjy bolup galýar, üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 3,7 milliard dollarlyk harytlar ol ýerden import edildi. Sanawa görä, Russiýa 3,3 milliard dollarlyk görkeziji bilen ikinji, Gazagystan bolsa 1,7 milliard dollarlyk import bilen üçünji orunda durýar.

Şeýle hem ilkinji onluga Koreýa Respublikasy (1,4 milliard dollar), Türkiýe (965 million dollar), Germaniýa (589 million dollar), Hindistan (359 million dollar), Türkmenistan (353 million dollar), Braziliýa (281 million dollar) we ABŞ (236 million dollar) girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň