Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämet Elýasowy kabul etdi. Türkmen ilçisi Prezidente ynanç hatyny gowşurdy.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda azerbaýjan Lideri ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady. Şeýle-de Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň ösüşiň täze basgançagyna ýetendigini, şeýle hem soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda guralan ýokary derejeli saparlaryň, olaryň dowamynda gol çekilen bilelikdäki resminamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Hazar deňziniň kanuny hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň ähmiýeti hem nygtaldy.
Ilçi G.Elýasow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Prezident I.Aliýewe tüýs ýürekden salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi. Özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdi. Taryhy we medeni taýdan ýakyn bolan iki halkyň arasyndaky ýola goýlan gatnaşyklara kanagatlanma bildirdi. Şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we üstaşyr-ulag ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin baý mümkinçiligiň bardygyny belläp, muny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigini aýtdy.
Duşuşykda iki döwletiň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklary boýunça hem pikir alşyldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 4-nji awgustynda Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň bu ýurtda täze bellenilen ilçisi Gurbanmämet Elýasowy kabul etdi. Türkmen ilçisi ministr J.Baýramowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Şeýle-de okaň: