Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Hazar deňziniň güni bellenildi

23:3612.08.2022
0
4385

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Awazadaky «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi – dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Hazar bilen bagly möhüm ugurlar – syýasat, ykdysadyýet, söwda, ekologiýa, ynsanperwer gatnaşyklar boýunça meseleler girizildi. Maslahata ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, alymlar, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň – BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda kenarýaka ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şertleriň jemlenmesine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary beýan edildi. Türkmenistan tarapyndan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakyndaky Tähran konwensiýasyny durmuşa geçirmek, bu täsin tebigy suw howdanynyň biologik köpdürlüligini goramak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, deňziň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işinde ekologiýa kadalaryny berjaý etmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek we beýleki ugurlar boýunça milli we halkara derejelerde geçirilýän yzygiderli işleriň esasy ugurlary hem-de netijeleri beýan edildi.

Hazar deňziniň güni mynasybetli Awazada sergi guralyp, medeni-sport çäreleridir konsert hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň