Turkmenportal logo
12.08.22
58655865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy
Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda 49 kilogram agram derejesinde çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa bürünç medallaryň üçüsini gazandy.


Ýulduz silterläp 74 kg, ştangany itekläp galdyrmakda bolsa 93 kg agyrlygy götermegiň hötdesinden gelip, bu görnüşleriň ikisinden hem kiçi bürünç medallara eýe boldy. Onuň 167 kilograma barabar bolan umumy netijesi hem bürünç medal bilen bellenildi.


Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa türkmen wekiliýetine V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň ilkinji medallaryny getirdi.