Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär

13:1611.08.2022
0
7664
 Türkmen-özbek ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Surat: mintrans.uz

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary A.Mominowyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesowyň, şeýle-de awtoulag, demir ýol hem-de awiasiýa ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 8-9-njy awgustda Daşkentde ulag meselesi boýunça Türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnawlaryň doly dikeldilmegine, ýük daşamak üçin talaplaryň ýönekeýleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Özbek tarapy türkmen tarapyna halkara ýükleri daşaýan özbek sürüjileri üçin Türkmenistana giriş wizasyny bermek talaplaryny ýönekeýleşdirmek we şertlerini tertipleşdirmek baradaky tekliplerini öňe sürdüler.

Taraplar demir ýol we gara ýol arkaly ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hakynda pikir alyşdylar.

Özbek tarapy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň tutuş sebit üçin ähmiýetlidigini nygtap, onuň bar bolan mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Taraplar ulaglar arkaly ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem ýol çykdajylaryny arzanlatmak üçin ýeňillikleri bermek maksady bilen, demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmak boýunça bir pikire geldiler.

Duşuşykda özbek tarapy ýurtlaryň arasynda ýolagçy gatnawyny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi. Taraplar bu işi Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgelerine gatnaşyjylaryň hemmesi bilen Aşgabat şertnamasynyň çäginde alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykda taraplar halkara ýük daşamak bilen baglanyşykly beýleki käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň ahyrynda degişli teswirnama gol çekildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 9-njy awgustda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly taslamalar bilen tanyşlygynyň dowamynda ýurduň ulag ministrine eksport edijiler üçin ýükleri daşamakda çykdajylary we ýol wagtyny azaltmak boýunça amatly çözgütleri taýýarlamagy, şeýle-de bu ugurda Pakistan hem-de Türkmenistan bilen üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki kompaniýalary döretmek baradaky teklipleri öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynyň 14-15-ne Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýany, Ýewropany, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň zerurdygyny hem nygtap, bu ugurda ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň