Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy

17:5409.08.2022
0
1329

Özbegistanyň erkekler ýygyndy topary Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen 44-nji Bütindünýä Küşt olimpiadasynda birinji orny eýelemegi başardy. Özbegistanly küştçüler şu gün tamamlanan ýaryşyň soňky tapgyrynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 2,5-1,5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler hem-de 19 utuk bilen Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldular. Bu üstünlik Özbegistanyň taryhyndaky Bütindünýä Küşt olimpiadasynda gazanylan ilkinji çempionlykdyr. Ýaryşda Özbegistana Nodirbek Abdusattarow, Nodirbek Ýokubboýew, Jawohir Sindarow, Jahongir Wahidow hem-de Şamsiddin Wahidow wekilçilik etdiler.

Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň ikinji ornuna ýeňiji bilen deň utuk toplan, emma goşmaça görkezijiler boýunça asgyn gelen Ermenistanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Erkekleriň arasyndaky üçünji orun bolsa ýer eýesi Hindistanyň ikinji toparyna nesip etdi.

Maglumat üçin, iki ýylda bir gezek geçirilýän Bütindünýä Küşt olimpiadasy 2024-nji ýylda Wengriýada, 2026-njy ýylda bolsa Özbegistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň