Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurtdaky bankomatlar barada maglumat berdi

13:5909.08.2022
0
44074

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabatdaky we welaýatlardaky bankomatlaryň sany barada maglumat berdi.

2022-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä, ýurtda 2152 bankomat hereket edýär.

Şolaryň 453-si Aşgabat şäherinde, 447-si Mary welaýatynda, 444-si bolsa Lebap welaýatynda ilata hyzmat edýär. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda 283, Balkan welaýatynda 279, Ahal welaýatynda 246 bankomat bar.

Eger 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurtda 924 bankomat bolan bolsa, häzire çenli 130 göterim ösüşiň gazanylandygy görünýär.

Türkmenistanda iň kän bankomat «Daýhanbanka» degişlidir. Bu bank ýerlerde 1027 bankomaty ýerleşdirdi. Ikinji orundaky «Türkmenistan» bankynyň 437, üçünjilikdäki «Türkmenbaşy» bankyň 357 bankomaty işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň