Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: Begenç Akmämmedow «Köpetdagda» 10-njy pökgüsini geçirdi

10:2008.08.2022
0
1550

Begenç Akmämmedow «Köpetdagyň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Şeýlelikde, ol Ýokary ligada 2016-njy ýyldan bäri yzygiderli çykyş edip gelýän toparda çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi.

Şu möwsümde iki gezek tapawutlanan Begenç Akmämmedow mundan ozal «Altyn asyr», «Ahal» we «Hazyna» futbol toparlarynda hem çykyş etdi.

Ýeri gelende aýtsak, «Köpetdagyň» düzüminde Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçy Öwezbaý Muhammetmyradowdyr. Ol çempionatda jemi 17 pökgi geçirdi. Ikinji orunda 16 gezek tapawutlanan Ýazgylyç Gurbanow bar. Berdi Hotdyýew bilen Döwlet Seýitmuhammedow bolsa «Köpetdagyň» üstünliklerine 14 gol bilen goşant goşdular.

Diýmek, Begenç Akmämmedow toparyň düzüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji üçlügine girmek üçin ýene dört pökgi geçirmeli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň