Arhiw

Kubanyň energetika ministri nebit saklawhanasyndaky ýangynda ejir çekdi

10:3107.08.2022
0
3470

Kubanyň Energetika we dag-magdan senagaty ministrliginiň ýolbaşçysy Nikolas Arronte Krusuň ýurduň Matansa ülkesindäki nebit saklawhanasynda bolup geçen ýangynda ejir çekendigi belli boldy. Bu barada «Trend» habarlar gullugy ýazýar.

Ministre Matansasdaky hassahanada lukmançylyk kömegi berildi, hassahanada ýangyndan ejir çekenleriň 70 sanysy ýerleşdirildi. Ministriň saglygy ýagdaýy barada habar berilmeýär.

Ýangyn netijesinde 121 adamyň şikes alandygy aýdylýar, 17 adam, resmi maglumatlara görä, dereksiz ýitdi.

Göwrümi 25 müň kub metr bolan nebit saklawhanasyndaky ýangyn anna güni ýyldyrym urmagyndan başlandy, ýangyny söndürmek işleri iki günläp dowam etdi. Betbagtçylykly hadysanyň bolan ýerine golaý etraplardan 800 töweregi adam göçürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň