Turkmenportal logo
07.08.22
35793579
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi

6-njy awgustda Germaniýanyň bundesligasynyň birinji tapgyryndan orun alan birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hem günüň, hem tapgyryň merkezi duşuşygy hasaplanylýan «Borussiýa» (Dortmund) bilen «Baýeriň» arasyndaky gapma-garşylykda oýnuň ykbalyny ýeke-täk gol çözdi. Ol gol 9-njy minutda Marko Roýs tarapyndan derwezä gönükdirilip, ýer eýelerine üç utugy sowgat etdi. «Baýeriň» düzümindäki türkmen asylly eýranly hüjümçi Serdar Azmun 66-njy minutda Kerem Demirbaýyň ýerine oýna girdi. Azmunyň girmegi bilen myhmanlaryň hüjümleri has ýitileşdi, emma lewerkuzenden gelen oýunçylara hasaby deňlemek başartmady.


Şenbe güni oýnalan oýunlaryň netijeleri:


«Bohum»1-2 «Maýnz»;


«Augsburg» 0-4 «Fraýburg»;


«Wolfsburg» 2-2 «Werder»;


«Union» 3-1«Gerta»;


«Borussiýa» (Mýunhengladbah) 3-1 «Hoffenhaým»;


«Borussiýa» (Dortmund) 1-0 «Baýer».


Şu gün geçiriljek duşuşyklar:


«Ştutgart»-«Leýpzig»;


«Kýöln»-«Şalke 04».