Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

12:0406.08.2022
0
5668
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2022» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy maslahat öz işine başlady.

Forum şu ýyl ýurtda ilkinji gezek bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, şeýle-de köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar. Olar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Paýtagtyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Halkara sergide ýerleşdirilen köp sanly pawilýonlarda Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika ulgamlarynda ýeten derejesi, bu ugurlarda gazanylanlar we mümkinçilikler giňden açylyp görkezilýär. Ýurduň köp sanly önüm öndürijileri we gurluşyk, senagat kärhanalary, şol sanda hususyýetçiler öz alyp barýan işleri, toplan tejribeleri, halkara standartlara doly laýyk gelýän hem-de daşarky bazarlarda-da uly isleglere eýe bolan önümleriniň görnüşleri bilen sergä aýlanyp görýänleri içgin tanyşdyrýarlar.

Halkara serginiň we ylmy maslahatyň baş maksady daşary ýurtly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösüşi, şeýle-de döwletiň haryt öndürijileriniň ägirt uly mümkinçilikleri, tehnologik enjamlary, täze tehnikalary we hyzmatlar ulgamy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy maslahat serginiň esasy wakalarynyň biri boldy.

Iki günlük forum öz işini dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň