Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:1718.03.2025
0
17072

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günlerinde azyk harytlaryny bolelin üpjün etmegi tabşyrdy, Türkmenistanda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalaryň kabul edişligi başlandy, Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen ýangynyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

https://turkmenportal.com/blog/89034/serdar-berdymuhamedov-napravil-soboleznovaniya-prezidentu-respubliki-severnaya-makedoniya

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişi möwsümine degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutany Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna hem berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/89033/prezident-turkmenistana-poruchil-obespechit-prodovolstvennoe-snabzhenie-v-prazdnichnye-dni

3. Aşgabatda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalaryň kabul edişligi başlandy. Okuwa kabul edilmek üçin resminamalary umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimi bolan raýatlar tabşyryp bilerler. Kabul edişlik 27-nji marta çenli dowam eder. Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler bilen 1-2-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/89008/v-turkmenistane-startoval-priem-dokumentov-na-obuchenie-v-vuzah-rumynii

4. Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. 19-njy marta çenli dowam etjek üç günlük serginiň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar täze önümlerini hödürlärler we hususy pudagy ösdürmekde tejribe alyşarlar. Şunda şu gün öz işine başlaýan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» halkara forumyna aýratyn üns berler. Forum ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.

https://turkmenportal.com/blog/89005/v-ashhabade-otkrylas-vystavka-k-17letiyu-sppt

5. Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Katara sapar bilen bardy we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini bellemek bilen, şu ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Işjeň häsiýetde ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/88996/glava-mid-turkmenistana-byl-prinyat-emirom-gosudarstva-katar

Dünýäde

1. Mukaddes Oraza aýynyň hormatyna Müsüriň paýtagty Kairde giň gerimli dabaralar geçirildi. El Matariýa etrabynda 20 köçä uzaýan baýramçylyk saçagy guraldy. Şäheriň köçelerinde umumy baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, bu ýerde ýaşaýjylar aýdym-sazyň astynda birek-biregi gutladylar. Daşary ýurtly myhmanlar baýramçylyk naharyna çagyryldy. Uly göwrümli dabara üçin ähli tagamlar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan taýýarlandy we nahar üçin ýedi tonna töweregi et ulanyldy. Baýramçylyk çäresine takmynan 50 müň adam gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/89010/v-chest-ramadana-v-kaire-nakryli-grandioznyi-stol-dlinoi-v-20-ulic

2. Saud Arabystanynyň alymlary şafran ösdürip ýetişdirmegiň täze usulyny oýlap tapdylar, bu usul dünýädäki iň gymmat hoşboý ysly goşundylaryň biriniň bahasyny ep-esli arzanladyp biler. Alymlar ösümligiň gülleýän döwrüni ýarym esse azaltmagy başardylar. Innowasion tehnologiýanyň esasy aýratynlygy dik ekerançylygy ulanmakdyr – bu ösümlikleriň köp derejeli dik ulgamlarda ösdürilip ýetişdirilýän usulydyr. Alymlar adaty topragyň ýerine gidroponikany ulandylar we howanyň gözegçiligi tehnologiýalaryny ornaşdyrdylar. Netijeler täsirli boldy: adaty şertlerde şafran üç hepdede gülleýän bolsa, täze usul ulanylanda bu döwür bary-ýogy 10 gün dowam edýär.

https://turkmenportal.com/blog/89019/uchenye-uskorili-cvetenie-shafrana-v-dva-raza-s-pomoshchyu-innovacionnoi-tehnologii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň