Soňky habarlar

Arhiw

«Ingco» kompaniýasynyň Industrial gurallar tapgyry berkligi hem-de çydamlylygy bilen tapawutlanýar

11:3906.08.2022
0
5465
«Ingco» kompaniýasynyň Industrial gurallar tapgyry berkligi hem-de çydamlylygy bilen tapawutlanýar

Hytaýyň gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin niýetlenen gurallary öndürýän «Ingco» kompaniýasy senagat maksatlary üçin ulanmakda ýerlikli bolan «Industrial» gurallar tapgyryny müşderilere hödürleýär.

Industrial tapgyrynyň gurallary öý işlerinde ulanylýan Standart gural önümlerinden tapawutlylykda, ýokary berklige we dürli hili kyn şertlerde agyr ýükler bilen işlemek aýratynlygyna eýedir. Industrial tapgyrynyň gurallary gurluşykda, ýol-gurluşyk işlerinde, senagat önümçiliginde, umuman, beýleki adaty iş gurallarynyň tiz hatardan çykyp biljek şertlerinde giňden peýdalanylýar.

Berk öndürilýän bu gural önümleriniň ýokary derejedäki hil gözegçiligi bolsa Industrial tapgyrynyň gurallarynyň ulanylyş möhletiniň uzak bolmagyny we olaryň dünýäniň hil standartlaryna laýyk gelmegini kepillendirýär. Tehnikanyň ähli kesiş bölekleri we burawlary ýokary güýçli erginlerden ýasalýar, önümçilik enjamlary bolsa iň çylşyrymly we energiýa talap edýän gurluşyk işlerinde rahat işlemegi we goraglylygy üpjün edýär.

«Ingco» kompaniýasynyň Industrial gurallar tapgyryny Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesinde (ozalky Obýezdnoý) ýerleşýän «Peýkam» söwda dükanyndan ýa-da kompaniýanyň önümlerini resmi paýlaýjynyň sosial media hasaby arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň