Soňky habarlar

Arhiw

«Lion» brendiniň resmi dükany erkekler we zenanlar üçin özboluşly duş gellerini hödürleýär

09:5416.07.2022
0
10076

Suwa düşülende adaty görnüşde duş kabul etmegi Ýaponiýanyň «Lion» brendiniň «Shokubutsu Monogatari» haryt nyşanly krem-gelleri bilen hakyky spa lezzetine öwürmek bolýar.

Bu önüm görnüşlerini Türkmenistanyň dükanlarynda hödürlenilýän beýleki gellerden tapawutlandyrýan zat — «Shokubutsu Monogatariniň» işjeň arassalaýjy düzüminiň 99%-iniň tebigy ösümlik goşundylardan ybarat bolmagydyr.
«Lion» kompaniýasynyň resmi dileriniň Aşgabatdaky dükanynda harytlar iki görnüşde alyjylara ýetirilýär: erkekler we zenanlar üçin.

«Shokubutsu Monogatari» haryt nyşanly önümleri döredijiler, esasanam, erkekler we zenanlar üçin düzüminde derini peýdaly tebigy elementler hem-de minerallar bilen üpjün edýän, şeýle-de baýlaşdyrýan duş gellerini taýýarladylar.

Erkekler üçin niýetlenen «Shokubutsu» gelleri deňiz ösümlikleriniň, kömrüň, däneleriň, aminokislotalaryň we witaminleriň ekstraktlaryny özünde jemleýär. Duş gelleri antibakterial we dezodorizasiýa täsirlerine eýedir.

«Shokubutsu Monogatari» bedene mylaýymlyk bermek bilen arassalaýar, bu bolsa Türkmenistanyň yssy klimatly şertlerinde wajypdyr.

Ýokary hili, özboluşly ýakymly ysy hem-de gabynyň täsin görnüşi üçin «Shokubutsu Monogatari» gellerini ýakynlaryňyza, dost-ýarlaryňyza sowgat hökmünde alyp bilersiňiz.

Belläp geçsek, «Lion» (Ýaponiýa) brendi kosmetika hem-de öý-hoalyk himiýa serişdeleriniň önümçiligi bilen 130 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp, bazarlary harytlary bilen üpjün edip gelýär. Şeýle uzak ýyllyk önümçiligiň bolmagy bolsa kompaniýanyň ösüşinde öz işläp taýýarlamalaryny we subut edilen tehnologiýalaryny ulanýandygy bilen düşündirilýär.

Resmi dileriň dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, Peýkam binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365 538644; +99362 324433.

Şeýle-de okaň:

«Lion Wings» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri çagalar we uly ýaşlylar üçin arassaçylyk harytlaryny hödürleýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň