Soňky habarlar

Arhiw

«Lion Wings» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri çagalar we uly ýaşlylar üçin arassaçylyk harytlaryny hödürleýär

10:1825.06.2022
0
6249
«Lion Wings» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri çagalar we uly ýaşlylar üçin arassaçylyk harytlaryny hödürleýär

«Lion Wings» ýapon-indoneziýa kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri çagalar we uly ýaşlylar üçin gündelik durmuşda öý-hojalykda giňden peýdalanylýan himiki serişdeleri, saçlar we beden üçin ideg ediş kosmetiki önümleri, diş pastalaryny we beýleki arassaçylyk üpjünçilik harytlaryny kompaniýanyň gös-göni özünden alyp hödürleýär.

Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän «Peýkam» dükanynda kompaniýanyň şu hili harytlary alyjylara ýetirilýär:

  • Kosmetiki harytlar — şampunlar, dezodorantlar, duş üçin geller, parfum spreýleri, beden we ýüz üçin kremler, suwuk we gaty görnüşdäki sabynlar we ş.m;
  • Agyzlaryň arassaçylygy üçin peýdalanylýan serişdeler — diş pastalary we diş şýotkalary;
  • Hojalyk himiki serişdeleri — kir ýuwmak, arassaçylyk, aşhanany ýuwmak üçin serişdeler, wanna otagynyň we aýnalary ýuwmak üçin serişdeler we ş.m.

Çagalaryň bedeni we arassaçylygy üçin niýetlenen howpsuz «Kodomo» haryt nyşanly çagalaryň bedeniniň bişmeginde peýdalanylýan serişdeler, sabynlar, şampunlar, duş üçin geller we diş pastalary aýratyn ähmiýete eýedir.

«Lion Wings» kompaniýasynyň iki sany uly kompaniýanyň — 1891-nji ýylda esaslandyrylan «Lion Corporation» hem-de 1948-nji ýylda döredilen «Wings Group» kompaniýalarynyň bilelikde döreden kärhanasydyr.

Kompaniýanyň asyra barabar tejribesi we häzirki zaman tehnologiýalary Ýaponiýanyň we Indoneziýanyň gözleg institutlarynda «Lion Wings» önümleriniň hilini özgertmäge hem-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa tarapyndan öndürilýän ähli önümler dermatologik taýdan synagdan geçirilýär we olaryň tebigy düzümi, düzüminde fosfatlaryň bolmazlygy, allergiýadan ejir çekýänler üçin halkara howpsuzlyk şahadatnamalary bilen tassyklanylýar.

Şeýle-de «Lion Wings» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileriniň harytlaryny ynamdar.com, arzanal.com.tm, 100haryt.com.tm ýaly türkmen internet dükanlaryndan sargyt edip bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Telefon belgileri: +99365 538644, +99362 324433;
  • Salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» binasy;
  • Sosial ulgamdaky resmi hasaby;
  • Elektron poçta salgysy: ingcotools.tm@gmail.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň