Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukman kofeden birbada ýüz öwürmezligi maslahat berdi

12:4804.08.2022
0
2262
Lukman kofeden birbada ýüz öwürmezligi maslahat berdi
Surat: attuale.ru

Kofe içmekden birbada ýüz öwürmek adamy kellagyra hem-de bogunlaryň agyrysyna getirip biler. Netijede, öň kofe içýän adam endam-jany kül-owram bolan ýaly duýga uçrar. Bu barada lukman-newrolog Lew Kamyşew gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Şonuň üçin kofe içmegi goýmak isleýän adam her gün içýän kofesini dura-bara kemmelidir» diýip, hünärmen nygtady.

Kamyşew kofe içmegi goýan adamyň ukuçyl ýagdaýa uçraýandygyny-da belledi, munuň sebäbi beden daşyndan täsir edýän degnany goldaýjy serişdeler arkaly emele gelýän ýokary işjeňligi goldamagyny bes edýär.

Lukman günortandan soňra kofe içmezligi maslahat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň