Soňky habarlar

Arhiw

Türkmensitan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zähmet inspektorlarynyň forumyna gatnaşar

18:1003.08.2022
0
7099

Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Russiýadan hünärmenler BMGÖM-niň ýardam bermeginden Özbegistanda Respublikasynyň Iş üpjünçilik we zähmet gatnaşyklary ministrliginiň guramagynda Döwlet zähmet inspektorlarynyň birinji forumyna gatnaşarlar diýip, yuz.uz habar berýär.

«Zähmet ulgamynda döwlet gözegçiliginde syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek, türgenleşikleri we tejribe alyş-çalşygyny geçirmek arkaly zähmet inspektorlarynyň işiniň netijeliligini, bilim derejesini we öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa sebitinde we Russiýada özara gatnaşyklary berkitmek forumyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar» - diýlip habarda aýdylýar.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjy döwletleriň döwlet zähmet gözegçilik edaralarynyň wekilleri Halkara zähmet guramasynyň, migrasiýa kanunçylygynyň, nul şikeslilik konsepsiýasynyň, önümçilikde betbagtçylykly ýagdaýlaryň seljerilmeginiň, oba hojalygy ulgamynda zähmet kanunçylygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem zähmet boýunça döwlet inspektorynyň şahsyýet hem hünär kämilligini, duýgy ýagdaýyny dolandyrmak endigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen türgenleşikler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň