Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3x3 basketbol ýygyndylary V Yslam raýdaşlyk oýunlaryna taýýarlykly geldiler

12:3403.08.2022
0
7540

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysy V Yslam raýdaşlyk oýunlaryna ýokary derejede taýýarlykly geldi. Bu barada «Mir» HTRK ýazýar. Türkmen türgenleri Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenleşdiler.

Taýýarlygyň çäginde türkmenistanly basketbolçylar milli ýaryşlaryň hem birnäçesinde tejribe topladylar.

V Yslam raýdaşlyk oýunlary 9 ― 18-nji awgust aralygynda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçiriler.

3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy «D» toparçada Gyrgyzystanyň, Yragyň, Surinamyň we Sudanyň ýygyndylary bilen ýaryşar.

«D» toparçada ýaryşjak zenanlar ýygyndymyzyň garşydaşlary bolsa Azerbaýjanyň, Indoneziýanyň we Maliniň ýygyndylary bolar.

Oýunlaryň basketbol ýaryşlary «Karataý» sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň