Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary 2023/24-nji okuw ýyly üçin «Chevening» stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

10:1702.08.2022
0
26434
Türkmenistanyň raýatlary 2023/24-nji okuw ýyly üçin «Chevening» stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2023-2024-nji okuw ýyly üçin «Chevening» stipendiýa maksatnamasynyň gatnaşmak üçin açykdygyny habar berdi.

Bu maksatnama Angliýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we mugallymlary taýýarlamak we iňlis dili kurslaryndan başga Angliýada bir ýyllap dürli ugurlarda okamak arkaly magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär.

Stipendiýa syýahat çykdajylaryny, ýaşamak, tehniki hyzmat we okuw tölegini öz içine alýar. Dalaşgärleriň iňlis dilini gowy bilmegi hökmandyr.

Maksatnama gatnaşmak isleýänler, www.chevening.org/apply sahypasynda hasaba durmak arkaly elektron görnüşinde anketany doldurmaly. Arzalar 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli doldurylmaly we onlaýn ýagdaýda tabşyrylmaly.

Anketalaryň dogry doldurylmagy barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan ýa-da Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndan alyp bilersiňiz.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen e-poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: ukembassy. ashgabat@fcdo.gov.uk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň