Top.Mail.Ru

«Galam» dükanlar tory mekdep harytlaryna 20% arzanladyş yglan etdi

09:4801.08.2022
0
8612

Mekdep möwsüminiň golaýlamagy bilen Aşgabat şäherindäki «Galam» mekdep we kanselýariýa harytlarynyň dükanlar tory okuwçylar üçin zerur bolan mekdep harytlarynyň ähli görnüşlerine, şeýle-de okuw torbalaryna 15-20% arzanladyş yglan etdi. Şunuň bilen birlikde, dükanlardan söwda eden her bir okuwça sapaklaryň ýazgysy üçin reňkli depderçe sowgat berilýär. Arzanladyş 31-nji awgusta çenli dowam edýär.

«Galam» dükanlarynda okuwçylar üçin mekdepde gerek bolan ähli harytlaryň — okuw gollanmalarynyň, torbalaryň, depderleriň, gündelikleriň, kartalaryň, plastilin, ruçka, galam we beýleki zerur harytlaryň ählisiniň bolmagy ene-atalara mekdep harytlarynyň söwdasyny ýüzugra bir ýerde amala aşyrmaga giňden ýardam berýär.

Dükanlarda ýokary hilli kanselýariýa brendleriniň kepillikli we uzak möhlete niýetlenen islendik görnüşi alyjylara ýetirilýär. Bu ýerde kiçi ýaşly okuwçylar ajaýyp şekiller bilen bezelen mekdep esbaplaryny, uly ýaşly okuwçylar bolsa täsirli, hyjuwlandyryjy sözler ýazylan daşly depderleri saýlap alyp bilerler.

«Galam» dükanynyň mekdep harytlaryny has amatly görnüşde dükanyň galam.tm web saýtyndan hem-de ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar.

Bellesek, dükandan 300 manat we ondan köp möçberde söwda edilen ýagdaýynda satyn alnan harytlar Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltilip berilýär. Şunuň bilen birlikde dükanyň ýurduň welaýatlaryna hem 2-3 günüň dowamynda eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýändigini aýtmak gerek.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, A-19 dükany (0-njy gat). Telefon belgileri: (+993 12) 46 81 56, (+993 12) 46 96 02.
  • Aşgabat ş., «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi, 1-nji gat, A-107 dükany. Telefon belgileri: (+993 12) 42 29 29.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň