Geçen hepde TDHÇMB-da 35 geleşik baglaşyldy

23:4131.07.2022
0
3375

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 35 geleşik bellige alyndy. Bu barada şu günki “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen, göni arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. 35 geleşigiň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 586 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 950 müň manada deň bolan saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million manada golaý bolan. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we bitumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň