Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykýar

23:1831.07.2022
0
28839
 Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykýar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar zähmet rugsadynda «Awazada», «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem şu döwürde zähmet rugsadynda bolar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habar berşimiz ýaly, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Minstrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, 1-nji awgustda biz Awazada dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, halkara ralli ýaryşynda we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan türgenlere 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýolbaşçylaryň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bolsa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, 8-nji awgustda möhüm Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň boljakdygyny belledi. 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Görşüňiz ýaly, öňümizde köp sanly çäreler göz öňünde tutulan. Şoňa görä-de, hemmäňiz bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň