Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy gutlady

21:4931.07.2022
0
6149
Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy gutlady
Surat: SNG.Today

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä tatar kongresiniň tatar halkynyň baý medeniýetini gorap saklamakda we ösdürmekde, dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan tatar halkynyň wekillerini ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, häzirki VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däpleriniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine aýratyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk we täze üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň