Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawy tamamlanyp, onuň netijesinde, «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary ýaryş tertibiniň öňdaki orunlaryny eýelediler.
14-nji tapgyryň çäginde «Deňizçi» «Ahaldan» 4:1 hasabynda üstün çykan bolsa, «Köpetdag» TNGIZT toparyny 7:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.
«Gümrükçi» «Milli goşuny» 3:1, «Senagatbank» topary bolsa «Daşoguzy» 7:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Şeýlelikde, geçirilen 14 tapgyrdan soň, 36 utukdan toplan «Deňizçi» hem-de «Köpetdag» ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler. 27 utugy bolan «Gümrükçi» ýaryş tertibinde üçünji basgançakda ornaşdy.
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisiniň dört aýlawyň netijesi boýunça kesgitlenýändigini ýatladýarys.
14-nji tapgyryň netijeleri:
“Daşoguz” – “Senagatbank” – 1:7
“Gümrükçi” – “Milli goşun” – 3:1
“Köpetdag” – TNGIZT – 7:3
“Deňizçi” – “Ahal” – 4:1.