Soňky habarlar

Arhiw

«Tudors» dükany nanokar matalaryndan öndürilen köýnekleriň täze kolleksiýasy bilen tanyşdyrdy

17:2528.07.2022
0
18364

Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Tudors» dükany nanotehnologiýa usulyna esaslanyp öndürilen köýnekleriň täze kolleksiýasy bilen tanyşdyrdy.

Täze görnüşli köýnekleriň tanyşdyryş dabarasynda «Tudors» brendiniň maksatnamasynda soňky ýyllarda aýratyn ähmiýet berilýän döwrebap egin-eşikleri öndürip halka ýetirmek dogrusynda bellenilip geçildi. Bu babatda «Tudors» brendiniň Türkmenistandaky wekilleri erkekler üçin niýetlenen köýnekleriň täze tehnologiýa esasynda öndürilen görnüşleri bilen yzygiderli tanyşdyrmagy meýilleşdirýändikleri barada aýtdylar.

«Tudors» brendiniň täzeçil usulda öndürilen köýnek görnüşleri barada aýdylanda, olar özünde hiç hili tegmil galdyrmaýar we islendik suwuklygy özüne siňdirmeýär. Bu köýnekleriň alyjylary has geň galdyrýan ýeri bolsa, olaryň beýleki köýneklere garanyňda az kirleýänligidir. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy — köýnege ýag we beýleki nahar tegmilleriniň degen ýagdaýynda olaryň akyp ýa-da syrygyp gidýändigi, şeýle-de köýnegiň düzüminiň tebigy hem-de 100% arassa pagtadan taýýarlanylmagydyr.

Dükanda alyjylara ýetirilýän bu köýnekleriň dürli görnüşleriniň bahasy 599 manatdan başlanýar. Alyjy bu ýerden nanotehnologiýa esasynda öndürilen köýnegiň dürli hili reňklerini tapyp biler. Aýratyn-da, dükana gelýän müşderiler ak reňkli köýneklere uly isleg bildirýärler, şol sebäpden hem dükanyň köýnek harytlarynyň 30-35%-ini ak reňkli köýnekler tutýar. Ak reňkdäki täzeçil usulda öndürilen köýnekleriň işewürler we talyp ýaşlar üçin has ýerlikli çözgütdigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Mundan başga-da, täze kolleksiýanyň tanyşdyryş dabarasynda «Tudors» brendiniň ýerli wekilleri döwrebap görnüşde öndürilen bu köýnege çaý, kofe hem-de miweli şireleri döküp barlap görmek bilen, onuň tegmil kabul etmeýän aýratynlygyny açyp görkezdiler.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 62) 60 21 53;
  • IMO hasaby: (+993 61) 64 88 73;
  • Dükanyň sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Wideo serediň:

Fotoreportaž:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň