Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda täze stadion gurlar

21:2425.07.2022
0
6067

Prosports-yň habar bermegine görä, Bişkekde täze guruljak 23,000 orunlyk stadion iki ýylyň dowamynda gurlup, ulanylmaga berler. Bu barada Gyrgystan Respublikasynyň degişli ýolbaşçysy özüniň metbugat çykyşynyň dowamynda belläp geçdi. Orok obasynyň golaýynda ýerleşjek täze stadion Gyrgyzystanyň iň uly stadiony bolar.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze stadionyň gurluşygy 2022-nji ýylyň awgust aýynda başlar. Binanyň düýbüni tutmak dabarasyna Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň