Aşgabatda TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi, 2022-nji ýylyň aýagyna çenli Türkmenistan Özbegistana 3 müň tonna ýol bitumyny ugradar, hukuk meseleleri boýunça raýatlary kabul etmek 23-nji iýulda amala aşyrylar

10:4820.07.2022
0
25646

1. Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bina 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berler. Täze ýokary okuw mekdebi Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji jaýy salgysy boýunça ýerleşer.

2. 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan Özbegistana Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen 3 müň tonna golaý ýol bitumyny ugradar.

3. 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary hukuk meseleleri boýunça raýatlary kabul ederler.

4. rkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda uzak aralykdan geçirilen Halkara himiýa olimpiadasy-2022-de dört sany medala mynasyp boldular. Üstümizdäki ýylda olimpiada bir tapgyr boýunça geçirilip, onuň çäklerinde okuwçylar halkara eminler topary tarapyndan düzülen meseleleri çözdüler.

5. Ermenistanyň suw merjeni bolan Sewan köli açyk ýaşyl reňke bürendi. Beýle ýagdaý birnäçe ýyl bäri gaýtalanyp gelýär. Bilermenleriň pikirine görä, muňa yssy howa we suwuň derejesiniň peselmegi sebäp bolýar, şonuň netijesinde hem suwotular güllemäge başlaýarlar.

6. Meşhur amerikan kinorežissýor Stiwen Spilberg karýerasyndaky ilkinji şekilli aýdymyny surata düşürdi. «Mumford & Sons» toparynyň aýdymçysy Markus Mamfordyň «Cannibal» atly şekilli aýdymy Nýu-Ýorkdaky mekdepleriň biriniň sport zalynda surata düşürildi.

7. Dört sany futbol assosiasiýalary Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatynyň final duşuşygyny geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Olaryň hatarynda Awstraliýanyň, Indoneziýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Kataryň futbol assosiasiýalary bar. Ýurtlar 31-nji awgusta çenli hökümet kepilligini hödürlemelidirler.

8. Angliýada geçirilýän futbol boýunça zenanlaryň arasynda Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyry tamamlanandan soňra, 1/4 finalda duşuşjak toparlar mälim boldy. Sebit birinjiliginiň ýarym finalyna çykmak üçin Angliýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Şwesiýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň we Niderlandlaryň milli zenanlar ýygyndylary güýç synanyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň