Özbegistanyň Daşken şäherinde geçirilen Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň (AWF) mejlisinde 2024-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýeri mälim edildi. Bu barada Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Oňa laýyklykda, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin reýting utuklaryny berýän yklym birinjiligini geçirmek Daşkent şäherine ynanyldy.
Maglumat üçin, 2024-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek üçin Özbegistandan başga-da Hindistan we Türkmenistan hem arza tabşyrypdy.