Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» ISO halkara hil şahadatnamasyny aldy

17:1218.07.2022
1
15850

Kompýuter, elektrik we optiki enjamlary öndürmekde ýöriteleşen «Aýdyň gijeler» Hojalyk jemgyýeti hil dolandyryş ulgamynda halkara standartynyň — ISO 9001: 2015 talaplaryna laýyk gelýändigi üçin sertifikat aldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy tarapyndan «Turkmenportala» habar berildi.

Resminamanyň halkara sertifikat guramasy — CERT International tarapyndan berlendigini bellemelidiris.

Resminama «Halkara Standart Hyzmatlary» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň geçiren bilermenler derejesindäki barlaglarynyň netijesinde berildi.
2021-nji ýylyň noýabryndan 2022-nji ýylyň apreline çenli «Aýdyň gijeler» Hojalyk jemgyýeti hil dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirdi. Bu döwürde halkara ülňülerine laýyk gelýän ähli zerur işler geçirildi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda döredildi we häzirki günde ýurtdaky has üstünlikli ýokary tehnologiýaly hususy kärhanalarynyň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
APO ( 19.07.2022 )

Это все хорошо конечно. Еще знать бы где они продают свои товары.

0