Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow öz telegram kanalynda Akdus atly türkmen alabaý itiniň suratyny paýlaşdy.
Bu surata teswir hökmünde bolsa Tatarystanyň döwlet Baştutany şu ýazgyny ýerleşdiripdir: «Ine, biziň Akdusymyz şeýle ulaldy. Uly, kuwwatly, mylaýym it bolup ýetişdi!».
Rustam Minnihanow ozal Akdus itiniň Mariý El Respublikasynda geçirilen sergä gatnaşandygyny hem aýdypdy.
Ýatlap geçsek, Akdus atly türkmen alabaý iti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine geçen ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde sowgat berlipdi.