Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda halkara küşt ýaryşy geçirildi

23:2017.07.2022
0
6009
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda halkara küşt ýaryşy geçirildi
Surat: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şenbe güni Aşgabatda geçirilen diplomatlaryň arasyndaky iki günlük halkara küşt ýaryşy tamamlandy. Oňa diplomatlar, olaryň maşgala agzalary, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de hemaýatkärleriň birnäçe wekilleri gatnaşdylar. Ýaryş Aşgabatdaky Küşt-şaşka mekdebinde geçirildi.

Bu bäsleşik TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň 28-nji iýuly 10-njy awgusty aralygynda Hindistanyň Çennaý şäherinde geçiriljek 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy mynasybetli guraldy.

Şweýsar ulgamynda 7 tapgyrdan ybarat görnüşde geçirilen ýaryşa Türkmenistandaky Ilçihanalardan we halkara guramalaryň wekilhanalaryndan 30-dan gowrak höwesjeň küştçüler gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, umumy hasapda 7 mümkinçilikden 7 utuk toplan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Annagözel Mekanowa ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijiden 2 utuk az toplan bäş küştçi 2 — 6 orunlary paýlaşdylar. Olaryň arasynda goşmaça görkezijiler arkaly tapawutlanan geljekki diplomat Azim Ýangibaýew ikinji, «HIL-TM» kompaniýasynyň hünärmeni Isaguly Ryzagulyýew üçünji orna mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasyndaky bäsleşiklerde TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Akgözel Rasulowa we Bahar Çoganowa degişlilikde 1-nji, 2-nji ýeri eýelediler. Üçünji orna BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işgäri Elina Larina mynasyp boldy.

Maşgalalaryň arasyndaky bäsleşikde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmeni Myrat Geldiýewiň maşgalasy ýeňiji boldy. Onuň iki gyzy 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda baýrakly orny eýelemegi başardy.

Ýaryşyň ýeňijileri hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandy. Şeýle-de olara Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan, hemaýatkärleriň we guramaçylaryň adyndan Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň