Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçi» kärhanasy: «Dünýäni has-da özgerdip bolar. Munuň üçin ilki özüňden başlamak gerek»

10:4317.07.2022
0
12063

Aşgabatdaky «Ussat kömekçi» kärhanasy bu günki günde şäheriň çäginde zibilleri alyp gaýtmak ýaly özboluşly hyzmaty ýola goýup, paýtagtyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hem goşant goşdy.

Kärhananyň hünärmenleri şäheriň örän arassadygyny, emma şonda-da şonda-da käbir raýatlaryň daşky gurşawa nädogry garaýyşlarynyň bardygyny belleýärler. Kämahal ene-atalar çagalaryna zyňmak üçin zibil torbalaryny berýärler, olar bolsa zibili atylýan gaba çenli alyp gitmän, zibili jaýyň girelgesinde ýa-da ýol-yzda goýýarlar. Çagalaryň bu edýän nädogry hereketlerine gaharlanýarys, emma bu işiň aňyrsynda hem ene-atalaryň gözegçiligi, kiçilikden çagasyna beren terbiýesi durýar.

«Dünýäni has-da özgerdip bolýar, ýöne munuň üçin ilki bilen özüňden başlamaly. Ilki özüňi, soňra töweregiňi ekologiýa oňyn täsirli endikleri kämilleşdirmäge ýardam edip bolar» diýip, «Ussat kömekçi» kärhanasynyň hünärmenleri belleýärler.

Geliň, bir maşgala tarapyndan her ýylda näçeräk mukdarda zibil çykarylýandygyny göz öňüne getirip göreliň. Ortaça, bir ýylda 300-400 kilogram töweregi zibil taşlanýar. Iň gynandyrýan ýeri hem, munça zibiliň düzüminde köp mukdarda polietilen, plastmassa we zaýalanmaýan beýleki önümler bar. Şeýle hapalaryň şäheriň içinde ýygnanmazlygy üçin ony tertiplemek maksadalaýykdyr. Hakykatdan-da, Aşgabatda we onuň töwereklerinde şu hili önümleri gaýtadan işleýän kärhanalar hereket edýär. Bu ýagdaýda howlyňyzda zibilleri ýörite aýry-aýry etmäge mümkinçilik berýän gaplar bolmasa-da, olar taşlanylmanka öýde aýry-aýrylykda tapawutlandyrylyp goýlup bilner.

Gündelik durmuşda hem ulanylýan plastik paketleriň sanyny azaldyp, mata eko-torbalary ulanmaga geçip bolar. Dükanda gereksiz haltalary ekologiýa taýdan arassa halta salyp goýuň.

Mundan başga-da, öýde eýýäm artykmaç bolup duran zerur däl zatlary ýene-de ulanyp bilersiňiz. Bular — eşikler, köne žurnallar we gazetler, döwlen gündelik durmuş enjamlary we beýleki zatlar bolup biler. Galyndy kagyzlary gaýtadan işleýänlere tabşyryp bilersiňiz, özüňize gerek bolmadyk zatlaryňyz birine sowgat berlip ýa-da onlaýn platformalar arkaly amatly bahadan satylyp bilner, ýöne olary zibil hökmünde taşlamak ýalňyş bolar.

Elbetde, sarp ediji hökmünde öýüňe gereksiz zatlary satyn almazlygy öwrenmeli we ahyrynda olary zibile taşlamaly boljakdygyňa düşünmeli.

Öýüňizden çykarýan zibilleriňiziň wagtynda zibil gaplaryna taşlanmak, şeýle-de bu babatda hiç hili alada etmän ýeňillik bilen gerekmejek zatlaryňyzdan dynmak üçin «Ussat kömekçi» kärhanasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Zibilleri alyp hyzmatynyň ähli aýratynlyklary bilen has giňişleýin tanyşmak isleseňiz şu telefon belgileri arkaly habarlaşyň:

  • (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Şeýle-de hyzmat üçin sosial media hasabynda arza goýup bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň