Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçi» kompaniýasy zibilleri zyňmak hyzmatyny amala aşyrýar

10:2925.06.2022
0
16819

Öýdäki zibilleri zyňmak sizde ýakymsyz duýgulary döredýärmi? Üstesine-de işe howlukmaly, çagalary mekdebe alyp gitmeli we öýdäki işleri edip ýetişmeli!

Indi siz zibil gutularyna barýan ýoly unudyp bilersiňiz, çünki Aşgabatda zibilleri zyňmak boýunça hyzmat ýerine ýetirilýär.

«Ussat kömekçi» hususy kärhanasy gündelik zibilleri zyňmak işini amala aşyrýar.

Geliň, munuň iş ýüzünde nähili ýerine ýetirilýändigine göz aýlalyň.

Kompaniýanyň hünärmeni aýyň dowamynda siziň üçin amatly we anyk kesgitlenen wagtda gelip, siziň ýaşaýan gatyňyza çykýar, taýýarlap goýan zibilli torbaňyzy alýar hem-de zibil gutusyna alyp gidýär.

Şeýle hyzmatyň bahasy aýda 50 manatdyr. Üstesine-de, hemişelik müşderilere «Ussat kömekçi» kompaniýasyndan bonus hökmünde polietilen paketlary berilýär, şeýle hem olar her aýyň ahyrynda geçirilýän sowgatly bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.

Zibilleri zyňmak hyzmatyndan peýdalanmak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutuň:
(+993) 62 147012, (+993) 61 284766, (+993) 65 415389.

Şeýle hem hyzmat üçin sosial torlarda arza berip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň