Türkmenistanyň çägine girýän türkmen raýatlary howa gatnawy bilen ýurda gelenlerinden soň, öý şertlerinde 7 günlük hökmany öz-özüňi izolirleme çäresini geçirmeli bolarlar. Bu barada anna güni «Orient» saýty Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralaryna salgylanyp habar berdi.
Daşary ýurtlarda gulluk saparlarynda bolup gelýän türkmen raýatlary üçin profilaktika çäresi hökmünde 3 günlük öz-özüňi izlorleme çäresini geçirmek zerurdyr.
Raýatlaryň bu görkezilen iki kategoriýasyna girýänleriň hem zerur resminamalary bolmalydyr. Hususan-da, PCR usuly bilen 48 (kyrk sekiz) sagat öň alnan COVID-19 barlagynyň netijesiniň türkmen, rus ýa-da iňlis dillerindäki lukmançylyk şahadatnamasy, şeýle hem COVID-19-a garşy alnan sanjym baradaky kepilnama ýa-da şahadatnama bolmalydyr.
Çeşmäniň habar bermegine görä, keseliň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly bolup biljek aýratyn ýagdaýlardan başga halatda uzak möhletli karantin görnüşindäki berk çäklendirmeler göz öňünde tutulmaýar.
Ýatlatsak, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Türkmenabat, Aşgabat — Moskwa — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Kazan — Türkmenabat ugurlary boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeltdi.