Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg barlagy esasynda, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak we onuň çägini giňeltmek maksady bilen, Uzynada meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdan nebitiň we tebigy gazyň alnandygy barada aýdyldy. Munuň özi nebitiň çykarylýan mukdarynyň artdyryljakdygyna hem-de bu käniň çäginiň has-da giňeldiljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Häzirki wagtda Uzynada meýdançasynda ýerasty baýlyklary özleşdirmek, buraw işlerini maddy-enjamlaýyn üpjün etmek hem-de guýularyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Agzalan mejlisde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakyn geljekde bu ýerde degişli işleriň geçirilmeginiň ýurduň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtap, sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.