13-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazruini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda onuň möhüm ugry bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Myhman, ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigi üçin, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady.